Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Hama prowinsiýasynda azyndan 86 adam öldürildi


Penşenbe güni Siriýanyň oppozision aktiwistleri ýurduň Hama prowinsiýasynda hökümete tarapdar güýçleriň azyndan 86 adamy öldürendiklerini mälim etdiler.

Olar bu öldürilenlerden 20-den gowragynyň çagalardygyny we ýene 20 töwereginiň aýallardygyny aýdýarlar. Maglumata görä, bu adamlar Hama prowinsiýasyndaky iki obada öldürilipdir.

Ýöne döwlet telewideniýesinde hökümet resmileri bu gyrgynçylygyň ýaragly terrorçylar tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdüler.

Maglumatda öldürilenleriň köpüsiniň ýakyn aralykdan atylyp hem-de pyçaklanyp öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG