Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Hytaýyň we Eýranyň prezidentleri bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Pekinde geçýän maslahatynyň çäklerinde Hytaýyň we Eýranyň prezidentleri bilen aýry-aýrylykda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde G.Berdimuhamedow Hytaýyň lideri Hu Žintao we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen döwletara derejesindäki özara hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary barada pikir alyşdy.

Hytaý şu günki gün Türkmenistanyň daşarky söwda dolanyşygynda iň uly söwda partnýory bolup durýar.

Goňşy Eýran hem şu günki gün Türkmenistanyň esasy söwda partnýorlaryndan biri. Soňky wagtlar Demirgazyk-Günorta demirýol liniýasy bilen baglanyşykly proýekt bu iki ýurduň alyp barýan köpsanly iri proýektlerinden biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG