Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökderede dynç almak her kime ýetdirenok


Köpetdagyň künjekleriniň birinde ýerleşýän Gökderede birnäçe ýyllaryň dowamynda ençeme sagaldyş merkezleri guruldy.
Köpetdagyň künjekleriniň birinde ýerleşýän Gökderede birnäçe ýyllaryň dowamynda ençeme sagaldyş merkezleri guruldy.
Türkmenistanyň çagalar üçin sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Adatça, bu möwsüm çagalar üçin täze sagaldyş merkeziniň açylmagy bilen başlanýar. Bu ýyl hem 1-nji iýunda Gökderede (öňki Çüli) “Nesil” atly täze sagaldyş merkezi açyldy.

Köpetdagyň künjekleriniň birinde ýerleşýän Gökderede birnäçe ýyllaryň dowamynda ençeme sagaldyş merkezleri guruldy. Olarda çagalaryň dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilen. Bu hili sagaldyş merkezlerine öz çagalaryny 20 günlük dynç almaga ibermek her bir maşgala 511 manada ($180) düşýär. Bu töleg bolsa, ene-atalaryň sözlerinden çen tutulsa, her bir maşagala eýgerdip barmaýar.

Emma, eger-de çaganyň ene-atasy döwlet edarasynda işleýän bolsa, onda şol edaranyň profsoýuz guramasy bu putýowkanyň bahasynyň belli bir bölegini töleýär. Mysal üçin, käbir edara-guramalar öz işgärleriniň çagalary üçin putýowkalaryň bahasynyň 50%-ni ýa-da 70%-ni töläp bilýär.

Ýöne döwlet edara-kärhanalarynda öz işgärlerine paýlanýan putýowkalaryň hem çäklidigini ildeşlerimiziň käbirleri aýdýarlar. Transport edarasynda işleýän 35 ýaşly Gözeliň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, olaryň edarasyna bir möwsüm üçin 20 sany putýowka berlipdir.

“Biziň edaramyzda ýüzlerçe işgär bar. Olaryň ählisiniň çagalaryna bu putýowkalar ýetmeýär. Munuň üstesine-de, biziň profsoýuz guramamyz şol putýowkalary edaramyzda işlemeýän adamlara hem satýar” diýip, Güljemal gürrüň berýär.

Edaralar üçin berlen putýowkalary şol edaralarda işlemeýän adamlara satmagyň belli bir derejede bikanun diýlip hasaplanýandygyna garamzadan, bu putýowkalaryň spekulýatiw bahadan satylýandygy barada aýdýanlar hem bar.

“Edaralarda putýowkalar asyl bahasyndan ep-esli arzan satylýar. Mysal üçin, 500 manatlyk putýowka 120 manada satylýar. Onsoň, kähalatda şol edaranyň profsoýuz işgäri ýa-da putýowkany satyn alan başga bir işgäri şol putýowkany 200-300 manada satýar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy, 45 ýaşly Öwez aýdýar.

Ýurduň kämillik ýaşyna ýetmedik 1 million töweregi ilaty 25-nji maýdan bäri nobatdaky üç aýlyk tomusky dynç alyş kanikulyna çykdy. Kanikul möwsümini mekdep okuwçylary bir meňzeş geçirmeýärler. Käbir çagalar tomus kanikullaryny ýurtdaky dynç alyş merkezlerinde geçirseler, beýlekileri öýlerinde, galanlary-da ene-atalaryna gazanç etmäge kömekleşip geçirýärler.
XS
SM
MD
LG