Sepleriň elýeterliligi

Beton platforma okeanyň üsti bilen Ýaponiýadan ABŞ-a geldi


Penşenbe güni Birleşen ştatlaryň Oregana ştatynyň deňiz ýakasyndan 2011-nji ýylda Ýaponiýadaky sunamide Ýaponiýadan akyp gaýdan uly bir beton platformasynyň bölegi tapyldy.

Oregana ştatynyň administrasiýasynyň metbugat sekretary Kris Hawel Ýaponiýanyň konsullygynyň bu beton platformanyň hakykatdanam Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenar ýakasyndaky platformanyň bir bölegidigini tassyklandygyny aýtdy.

Agramy 65 tonna töweregi diýlip çaklanylýan bu beton platformanyň bölegi Ýuwaş okeanynyň tolkunlary arkaly 8 müň kilometrden hem gowrak ýoly geçipdir.
XS
SM
MD
LG