Sepleriň elýeterliligi

Saddam Husseýniň şahsy sekretaryna ölüm jezasy berildi


Penşenbe güni Yragyň Adalat ministrligi ýurduň ozalky diktatory Saddam Husseýniň şahsy sekretary Abed Hamid Hmouda berlen ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigini mälim etdi.

Adalat ministrliginiň metbugat sekretary Haýder al-Saady Saddam Husseýniň şahsy sekretary we şahsy goragynyň ýolbaşçysy bolup işlän Abed Hamid Hmoudyň penşenbe güni dardan asylyp öldürilendigini aýtdy.

Ol Abed Hamid Hmoudyň Yragyň halkyna garşy edilen genoside gatnaşanlykda günäli tapylandygyny mälim etdi. Abed Hamid Hmoud Saddam Husseýniň döwründe edilen jenaýatçylyklar üçin ölüm jezasy berlen resmilerden iň soňkusydyr.
XS
SM
MD
LG