Sepleriň elýeterliligi

Karzaý parahat ilatyň ölümi sebäpli Pekinden gyssagly dolandy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Logar welaýatynda ýüz beren parahat ýaşaýjylaryň ölümi bilen baglanyşykly waka sebäpli Hytaýdaky saparyny bes edip, penşenbe güni gyssagly Kabula dolandy.

Bu waka bilen baglanyşykly eden çykyşynda prezident Karzaý Logar welaýatynda NATO-nyň geçiren çarşenbe günki howa hüjüminde 18 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini aýtdy we beýle operasiýalaryň ýol berilmesizdigini nygtady.

Bu wakanyň fonunda penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Leon Panetta öňünden yglan etmezden, Owganystanyň paýtagty Kabula bardy.

Kabulda eden çykyşynda Leon Panetta Pakistanyň tire-taýpa regionlarynda ýaragly söweşijileriň pena tapmagyny dowam etdirýän halatynda Owganystanda durnuklylygy ornaşdyrmagyň kyn boljakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG