Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: esger 15 adamy öldürmekde aýyplanýar


Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat secretary Nurdaulet Suindikow žurnalistleriň öňünde çykyş edýär. Astana, 7-nji iýun, 2012.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat secretary Nurdaulet Suindikow žurnalistleriň öňünde çykyş edýär. Astana, 7-nji iýun, 2012.

Penşenbe güni Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat sekretary gazak-hytaý serhet ýakasynda 14 sany serhetçiniň we tokaý sakçysynyň ölüminde bir ýerli esgere garşy jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini mälim etdi.

Bu gürrüňi edilýän esger şol wakanyň bolan ýerindäki serhet postunda gulluk eden serhetçi.

Baş prokuraturanyň metbugat sekretary Nurdaulet Suindikowyň habarçylara aýtmagyna görä, 19 ýaşly rýadowoý Wladislaw Çelah geçen hepde gazak-hytaý serhet ýakasynda öz gullukdaşlaryny we tokaý sakçysyny öldürendigini boýun alypdyr.

Özara konflikt sebäp bolupdyr

Prokuraturanyň metbugat sekretary N.Suindikow serhetçiniň bu hüjümine şol ýerdäki esgerler bilen Wladislaw Çelahyň arasynda ýüze çykan içerki konfliktiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Nurdaulet Suindikow serhetçiniň sözlerine salgylanmak bilen, bu ýüz beren wakanyň yzygiderliligini şeýle suratlandyrdy: “Ozaly bilen gözegçilik postunyň ýanyndaky gijeki garawul esger öldürilipdir. Soňra Çelah kazarma dolanyp gelip, öz gullukdaşlaryny atyp öldüripdir. Olardan dokuzysy uklap ýatan eken. Tokaý sakçysy Ruslan Kim öldürilenlerden iň soňkusy bolupdyr”.

Baş prokuraturanyň metbugat sekretary Nurdaulet Suindikowyň aýtmagyna görä, rýadowoý Wladislaw Çelah 28-nji maý güni daňdanlar öz gullukdaşlaryny atyp öldürenden soň, ol ýerdäki kazarmany ýakandygyny gürrüň beripdir.

Soraglar hem döreýär

Gazagystanly käbir synçylar 19 ýaşly ýaş esgeriň bir özüniň şonça adamy öldürip we bu bolan işiň üstüni basyrmaga synanyşyp biljekdigini sorag astynda goýýarlar.

Düýbi Almatyda ýerleşýän “Kanal 31” atly telekanalyň täzelikleri okaýjy diktory Wladislaw Dlinnow çarşenbe güni bu esgere bildirilýän aýyplama baradaky deslapky maglumaty efire bermekden ýüz öwrendigi üçin, işinden boşadyldy.

Rýadowoý Wladislaw Çelahyň ene-atasy hem onuň öz gullukdaşlaryny öldürmekde günälidigine ynanmaýar. Çelahyň ejesi Swetlana Çelah Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz oglunyň “günäsini” boýun alan bolaýanlygynda-da, onuň boýun almaga mejbur edilen bolmagynyň örän mümkindigini belledi.
XS
SM
MD
LG