Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Amnesty International” Oşdaky wakalar boýunça tankydy hasabat ýaýratdy


Anna güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy öz ýaýradan täze hasabatynda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde bolan etniki çaknyşyklar bilen baglanyşykly ýurduň häkimiýetleriniň zerur derňewleri geçirmändigini aýdyp, muny tankyt edýär.

Hususan-da, bu gurama iki ýyl mundan ozal Oş şäherinde bolan bu wakalarda howpsuzlyk güýçleriniň dildüwşükli hereket edendikleri barada bildirilýän aýyplamalar boýunça zerur derňewleriň geçirilmändigini aýdýar.

Mundan daşary, “Amnesty International” guramasynyň hasabatynda Oşdaky wakalarda ynsanýete garşy jenaýatçylyga degişli adam gynamak, jynsy zorluk we adam öldürmek ýaly birgiden jenaýatçylyklaryň jezasyz galdyrylandygy-da aýdylýar.
XS
SM
MD
LG