Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň we BMG-niň resmileri Wenada gepleşige başladylar


Anna güni Awstriýanyň paýtagty Wenada BMG-niň Atom agentliginiň resmileri bilen Eýranyň resmileriniň arasynda Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly täze gepleşikler başlady.

Bu gepleşiklerde BMG-niň Atom agentligi Eýranda gizlin ýadro programmasy boýunça iş alnyp barylýandyr diýlip çaklanylýan ýerlere daşary ýurt inspektorlarynyň sapar etmeklerine rugsat almaga çalşar diýlip garaşylýar.

Şu hepde Hytaýyň prezidenti Hu Žintaonyň Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen geçiren özara gepleşiginde Tährany öz ýadro programmasy babatda “ýumşak we pragmatic” hereket etmeklige çagyrandygy hem habar berildi.
XS
SM
MD
LG