Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň türmesinden azyndan 14 tussag gaçyp çykdy


Owganystanyň resmileri penşenbe güni giçlik ýurduň Sari-Pul welaýatyndaky türmede ýüz beren partlamanyň yzy bilen, bu türmeden azyndan 14 sany jenaýatçynyň gaçyp çykandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu tussaglar partlamanyň netijesinde türmäniň diwarynda dörän deşikden gaçyp çykypdyrlar. Bu wakada azyndan üç sany tussagyň ölendigi we ýigrimiden gowrak tussagyň ýaralanandygy habar berilýär.

Talyban güýçleriniň sözçüsi Ýusuf Ahmadi türmä edilen bu hüjümiň talyban söweşijileri tarapyndan amala aşyrylandygyny we bu wakada 10 sany polisiýa işgäriniň öldürilendigini öňe sürüp, beýanat etdi.
XS
SM
MD
LG