Sepleriň elýeterliligi

Fantast ýazyjy Reý Bredburi 91 ýaşynda aradan çykdy


Reý Bredburi Disneýlend seýilgähinde, 2005-nji ýyl.

Reý Bredburi Disneýlend seýilgähinde, 2005-nji ýyl.

Ylmy-fantastiki romanlaryň awtory, dünýä meşhur amerikan ýazyjysy Reý Bredburi uzaga çeken keselden soň, 91 ýaşynda Los Anjelesde aradan çykdy.

Bredburi geljek barada ýazylan “Fahrenheýt 451” romany bilen meşhurlyk gazandy. Bu romanda bir totalitar jemgyýet suratlandyrylyp, geljekde boljak ösüşler, şol sanda uly ölçeglerdäki interaktiw telewizorlar, iPodlar, gulaga ildirilýän habarlaşyk sistemalary, polisiýanyň adamlary telewizor arkaly yzarlamagy azyndan 50 ýyl öňünden öňdengörüjilik bilen beýan edilýär.

1953-nji ýylda Sowuk urşuň irki döwürlerinde ýazylan bu romanda gürrüň daşardaky ýadro urşy, içerdäki tukatlyk, ýürekgysynçlyk barada gidýär. Bu ýerde ýangyn söndürijileriň işi hakyky ody öçürmek däl-de, kemsidiji hasaplanýan kitaplary ýakmak. Romanyň ady kagyzyň gutarnykly ýanyp kül bolýan temperaturasy bilen bagly.

Bredburi 2007-nji ýylda San Diegoda geçen Komik-Kon konwensiýasynyň metbugat ýygnagynda bu saldamly eseri näme üçin ýazandygyny düşündirdi:

"Meniň ‘Fahrenheýti’ ýazmagymyň sebäbi şu: men kitaphana adamsy. Bir gün adamlaryň gowy görmän, ýakmak islemegi mümkin bir zadyny ýazmagym ahmal, şu howp bar diýip pikir etdim. Şol sebäpden 26 ýaşda oturyp, ‘Fahrenheýt 451’ romanyny ýazmagym bir tebigy zatdy. Bu işi edenim üçin Hudaýa şükür edýärin".

"Fahrenheýt 451" soňra fransuz režissýory Fransua Truffaut tarapyndan kino düşürildi.

Bredburiniň beýleki meşhur eserleriniň biri "Mars Hronikalarydyr". Bu eser Ýeriň ýaşaýjylarynyň gowgaly planetadan gaçmagynyň, olaryň Marsyň ýaşaýjylary bilen bolan konfliktleriniň hekaýaty. Munda kapitalizm, jynsparazçylyk we uly güýçleriň arasyndaky dartgynlyklar ýaňsa alynýar.

Sowet Soýuzynda meşhurdy

Bredburiniň eserleri Sowet Soýuzynda giňden terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine elýeterli edilipdi. Meşhur ýazyjynyň ölüm habary eşidilen badyna, ol ors Twitterinde 1-nji tema öwrüldi.

Çarşenbe güni Aleksandr Puşkiniň doglan güni, şeýle hem ors diliniň günüdi. Habar ýaýramazyndan öň ors okyjylary Twitterde Puşkiniň goşgularyndan öz gowy görýän bentlerini ýazyşýardylar. “Intefaksyň” habary ýaýrandan soň bolsa, Puşkini bir çete itip, birinji orny Bredburi eýeledi.

Bredburi Amerikanyň Illinoý ştatynda dogulýar. Geljekki meşhur ýazyjynyň ene-atasy ýaş ogullary bilen Los Anjelese göçüp gelýärler. Oňa çagalykda jeňňelde wagşy haýwanlaryň arasynda ösüp-ulalan Tarzan baradaky meşhur eseri döreden ýazyjy Edgar Raýs Burrougsyň ylmy-fantastiki eserleri güýçli täsir edipdir.

Bredburi ýokary okuwa girmän, kitaphanalarda günde ençeme sagatlap kitap okap, bilimli adam bolup ýetişýär.

Ol ylmy-fantastiki romanlaryň awtory bolup şöhrat gazananyndan ençeme ýyl soň "The New York Times" gazetine şeýle diýipdi:

"Ylmy-fantastikada biz arzuw-hyýala batýarys. Kosmosy koloniýa öwrüp, şäherlerimizi täzeden gurmak... problemalary çözmek üçin geljegi, şeýle hem muňa gerekli tehnologiýalary göz öňüne getirmegimiz gerek".

Ol ömrüniň soňky ýyllarynda interneti ýigrenýändigini, oňa kompýuter kompaniýalarynyň gurnan aldawy diýip garaýandygyny ýaňzytdy.

Bredburi 2010-nji ýylda "The Los Angeles Times" gazetine beren interwýusynda "bizde juda köp mobil telefon bar. Aşa köp internet bar. Bu maşynlardan dynmaly. Biziň maşynlarymyz indi juda köpeldi" diýdi.

2004-nji ýylda Amerikan prezidenti Jorj Buş Bredburini sungat boýunça milli medal bilen sylaglady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG