Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Warşawa, Kiýew tankytçylary köşeşdirmäge synanyşýar


Ukrainaly zenan Timoşenkonyň türme tussaglygyna höküm edilmegine protest bildirýär, Kiýew, 5-nji iýun.
Ukrainaly zenan Timoşenkonyň türme tussaglygyna höküm edilmegine protest bildirýär, Kiýew, 5-nji iýun.
“Ýewro-2012” futbol oýunlaryna anna güni başlamazdan öň Polşanyň we Ukrainanyň ýokary derejeli resmileri öz ýurtlaryna gönükdirilýän tankytlary köşeşdirmäge synanyşdylar.

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk ýaryşlaryň dowamynda jynsparazçylykly çydamsyzlyklar bolar diýip edilýän gorkyny ýatyrmak maksady bilen, penşenbe güni Polşanyň asly nigeriýaly ilkinji parlament deputaty Jon Godson bilen guşluk naharyny edindi.

Geçen futbol oýunlarynyň dowamynda jynsparazçylykly zorluklaryň bolandygy barada habar ýaýransoň, Polşa bilen Ukraina Günbatar tarapyndan tankyt astyna düşdüler. Ýöne Fransiýanyň boksçusy, asly kongoly Doudou Ngombu özüniň Warşawada futbol janköýerleri tarapyndan gyzgyn garşylanandygyny aýdýar.

“Mende bu adamlarda öňden galan ters pikir bar diýen duýgy ýok” diýip, Ngombu aýdýar. “Bular adamyň jynsyna garanoklar. Meniň pikirimçe, Polşa bu babatda gowy ýurt. Sebäbi men afrikaly, maňa hiç bir zatda päsgelçilik döredýän ýok. Men oňat garşylandym”.

Polşanyň sport ministri Joanna Muça penşenbe güni Ýewro-2012 çempionatyny Polşanyň şu wagta çenli gurnan iň kyn çäresi diýip atlandyrdy. Ýöne ol infrastruktura we howpsuzlyk hyzmatlarynyň, şol sanda 12 müň polisiýa işgäriniň-de "her hili ýagdaýa" taýýarlykly durandygyny-da bildirdi.

8-nji iýundan 1-nji iýula çenli dowam etjek oýunlaryň gidişinde Polşa daşary ýurtlardan müňlerçe turist geler diýip çak edilýär.

Ukraina geljek adamlaryň sanynyň bolsa beýle ýokary bolmagyna garaşylanok. Myhmanhanalaryň soraýan aşa ýokary kireýi, şeýle hem öňki premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň türmä basylmagy barada heniz hem dowam edýän jedeller sebäpli ol ýere sapar etjek adamlaryň sany köp bolmasa gerek.

Ýewropaly resmileriň köpüsi Timoşenkonyň 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegine protest hökmünde adamlary bu ýaryşlary boýkot etmäge çagyrdylar. Olar öňki premýer-ministre bildirilýän günäleriň syýasy sebäbi bar diýýärler.

Soňky hepdelerde bu meselede barha artýan tankytlar bilen ýüzbe-ýüz bolan prezident Wiktor Ýanukowiç bolsa penşenbe güni telewideniýede eden çykyşynda bu çärelere oňaýly häsiýet bermäge synanyşdy. Ol ukrain halkyny özüniň öňki sowet respublikasy üçin "taryhy" diýip atlandyrýan çäreleriniň dowamynda özleriniň myhmanparazlygyny görkezmäge çagyrdy.

"Öňümizdäki günlerde dünýäniň ünsi biziň ýurdumyza gönükdiriler” diýip, Ýanukowiç aýtdy. “Men size myhmanlara ukrain myhmansöýerligini, akýürekliligini, dostlukly edim-gylymyny doly görkezmegi ündeýärin. Ukraina bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň gatnaşygy biziň olaryň ýadynda nähili galjagymyza bagly".

8-nji iýundan 1-nji iýula çenli dowam etjek oýunlar anna güni Polşada Polşa, Gresiýa, Orsýet we Çehiýa respublikasynyň duşuşyklary bilen başlanar.

9-njy iýunda bolsa Ukrainada Gollandiýa bilen Daniýa, Germaniýa bilen Portugaliýa duşuşar.
XS
SM
MD
LG