Sepleriň elýeterliligi

Kabardino-Balkarda ýokary derejeli resmiler tussag edildi


Anna güni Orsýetiň Kabardino-Balkar awtonom respublikasynyň Içeri işler ministrligi korrupsiýada aýyplanyp bu respublikanyň birnäçe ýokary derejeli resmisiniň we bir biznesmen aýalyň tussag edilendigini mälim etdi.

Hususan-da, Içeri işler ministrligi bu resmileriň döwlet eýeçiligindäki emläkleriň ýerli biznesmen aýal Madina Hatsukowa tarapyndan bikanun ýollar arkaly satyn alynmagyna ýardam berenlikde aýyplanýandyklaryny aýdýar.

Ministrligiň maglumatynda bu tussag edilen resmileriň arasynda respublikanyň Döwlet emläkleri boýunça ministriniň orunbasary Ruslan Jamborowyň we prezident administrasiýasynyň başlygy Wladimir Jamborowyň-da bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG