Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gallup: Ýakyn Gündogar negatiw duýguda öňde barýar


Hasabatda Yrakda adamlaryň gündeki durmuşynda iň köp negatiw duýgulary başdan geçirenligi aýdylýar.
Hasabatda Yrakda adamlaryň gündeki durmuşynda iň köp negatiw duýgulary başdan geçirenligi aýdylýar.
Türkmenistanyň ilatynyň gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan negatiw duýgulary aglaba halklaryňky bilen deňeşdirilende pes. Bu barada köpçüligiň pikirini öwrenýän ABŞ-nyň Gallup institutynyň “Ýaramaz tejribeleriň indeksi” atly täze hasabatynda aýdylýar. Onda dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşda başdan geçirýän negatiw duýgularynyň derejesine baha berilýär.

Hasabatda, hususan-da, 2011-nji ýylda dünýäde negatiw duýgulara iň köp duçar bolan halkyň yraklylardygy, Afrikanyň Somali regionynda ýaşaýan adamlaryň başdan geçirýän negatiw tejribeleriniň dünýä ýüzünde iň pes derejede bolanlygy, ýagny bu regionda ýaşaýan adamlaryň köplenç halatda oňyn duýgulary başdan geçirýändigi anyklanypdyr.

Hasabatda Türkmenistana berlen baha Somaliniňkiden sähel tapawutlanýar we Türkmenistanyň ilatynyň gündelik durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan negatiw duýgularynyň derejesiniň Somaliden biraz ýokarydygy we Kosowo bilen deň derejededigi aýdylýar.

ABŞ-nyň Gallup institutynyň hasabatyna görä, 2011-nji ýylda dünýäniň 148 ýurdunyň arasynda Taýlandyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ilaty Türkmenistanyň ýaşaýjylaryndan has şadyýan hasaplanypdyr.

Hasabatda Yrakda, Palestinada, Bahreýnde we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda adamlaryň gündeki durmuşynda iň köp negatiw duýgulary başdan geçirenligi aýdylýar. Şeýle ýurtlaryň onlugyna Türkiýe, Ermenistan we Gresiýa hem girýär.

Ykdysady taýdan ösen ABŞ, Fransiýa we Kanada ýaly ýurtlarda ilatyň negatiw duýgularynyň derejesine ortaça baha berlipdir. Şol bir wagtda-da Orsýetde adamlaryň gündelik durmuşyndaky negatiw duýgularyň derejesiniň pesdigi, emma Türkmenistanyňkydan sähel ýokarydygy görkezilýär.

Gallup institutynyň “Ýaramaz tejribeleriň indeksi” atly hasabaty dünýäniň 148 ýurdunda 1 müň adam bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň netijeleri esasynda taýýarlandy. Ýurtlaryň ilatynyň şadyýanlyk derejesini anyklamak üçin, Gallup öz söhbetdeşlerine olaryň fiziki taýdan agyry, aladalanma, gynanç, stres we gahar-gazap ýaly duýgulary boýunça jemi bäş sowal bilen ýüzlenipdir.
XS
SM
MD
LG