Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prokuraturasy ABŞ-nyň ilçisinden düşündiriş talap etdi


Anna güni Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Maýkl MkFauldan onuň 2009-njy ýylda, hamala, orsýetli resmileriň Manasdaky amerikan harby bazasyny ýapdyrmak üçin, şol wagtky gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewe para berendikleri hakynda eden beýanaty barada düşündiriş bermegini talap etdi.

Maýkl MkFaul bu barada 25-nji maýda Moskwada eden beýanatynda orsýetli resmileriň beren parasyna garşy durmak üçin şol döwürde amerikalylaryňam az-owlak para bermeli bolandyklaryny öňe sürdi.

Ýöne birneme soňra ABŞ-nyň ilçisi Maýkl MkFaul öz garaýşyny birneme ýumşadyp, taraplaryň ikisiniňem Gyrgyzystana “ykdysady ýardamlary” hödürländiklerini belledi.
XS
SM
MD
LG