Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro-2012: Ukrainada ilkinji tapgyr ýaryşlara garaşylýar


Orsýetiň komandasynyň hüjümçisi Roman Pawlýuçenko anna günki oýunda Çehiýa Respublikasynyň komandasynyň derwezesine garaşylmadyk gol saldy. Wroslaw, 8-nji iýun, 2012.
Orsýetiň komandasynyň hüjümçisi Roman Pawlýuçenko anna günki oýunda Çehiýa Respublikasynyň komandasynyň derwezesine garaşylmadyk gol saldy. Wroslaw, 8-nji iýun, 2012.
Şenbe güni futbol janköýerleriniň ünsi futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň Ukrainada boljak ilkinji oýunlaryna gönükýär.

Ukrainanyň Harkow şäherinde şenbe güni Gollandiýanyň komandasy Daniýanyň komandasy bilen, Lwow şäherinde bolsa Germaniýanyň komandasy Portugaliýanyň komandasy bilen duşuşýar.

Bu oýna tomaşa etmek üçin Ukrainanyň Lwow şäherine baran germaniýaly we portugaliýaly futbol janköýerleriniň her biri öz komandalarynyň ýeňiş gazanjakdygyna uly ynam edýär.

Her kim ýeňiş isleýär

Germaniýadan Lwow şäherine baran Sulliwa “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda: “Germaniýa üçin 3-1 hasap bilen gazanyljak ýeňiş ýeterlik” diýdi.

Anna günki oýunda Gresiýanyň oýunçysynyň Polşanyň komandasynyň derwezesine gol urýan pursady.
Anna günki oýunda Gresiýanyň oýunçysynyň Polşanyň komandasynyň derwezesine gol urýan pursady.
Portugaliýadan baran futbol janköýeri Flawiýa bolsa “Elbetde, bu oýunda biz üstün çykarys. Biz 2-0 hasap bilen utarys!” diýdi.

Portugal komandasynyň tereneri Paulo Bento: “biziň komandamyz ýurdumyzyň ähli problemasyny ýok edip bilmez. Emma oýunçylarymyz Portugaliýadaky öz watandaşlaryny şatlandyrmak üçin jan ederler diýip garaşýaryn” diýip, gowy netijä umyt bildirdi.

Bu wakalaryň fonunda Polşada futbol janköýerleri öz komandalarynyň anna güni Gresiýanyň komandasy bilen oýnan oýnunyň deňme-deň netijesini baýram edýärler.

Polýaklar hem hoşal

Polýak komandasynyň treneri Fransižek Smuda: “Men öz komandamyň ähli oýunçylaryny gutladym we olaryň şatlanmalydyklaryny aýtdym. Sebäbi, 1-1 hasap ähli zadyň soňy däl. Eger biz utulan bolsak, onda bu has erbet bolardy. Ýaryş heniz açyklygyna galýar” diýip belledi.

Anna güni Polşanyň Wroslaw şäherinde Orsýetiň futbol komandasy özüniň ilkinji oýnunda Çehiýanyň komandasyny 4-1 hasap bilen utup, örän gowy netije görkezdi.

Ýewro-2012 futbol çempionaty Sowet Soýuzy darganyndan soňky döwürde Gündogar Ýewropada geçirilýän iň bir uly sport çäresi hökmünde alamatlandy.

Häzirki futbol çempionatyna jemi 16 ýurduň futbol komandasy gatnaşýar. Çempionatyň iň soňky jemleýji oýny 1-nji iýulda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde geçiriler.
XS
SM
MD
LG