Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýokary bilim: problemalar we çözgütler


Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň studentleri medeni çärä gatnaşýarlar. Aşgabat, aprel, 2010.

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň studentleri medeni çärä gatnaşýarlar. Aşgabat, aprel, 2010.

Golaýda türkmen mekdeplerinde soňky jaň dabaralary boldy. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň orta mekdeplerini ýylda 100 müňden gowrak oglan-gyz tamamlaýar.

Aýdylmagyna görä, bu uçurymlaryň diňe 10 müňden gowragy orta mekdepden soň okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik tapýar. Şol bir wagtda, ýurt içinde ýokary bilim almak, hünär öwrenmek mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli, her ýyl müňlerçe oglan-gyz daşary ýurtlara okuwa gidýär.

Ýerli synçylaryň käbiri Türkmenistanda ýokary bilim meselesinde toplanan problemalaryň indi kem-kemden çözülýändigini, ümzügiň ileridigini aýdýar.

Emma ýurtdaky bilim reformasynyň juda haýal barýandygyny aýdýan synçylar hem bar.

Eýsem, bu haýallyga nämeler sebäp bolýar? Has dogrusy, türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almagyna päsgel berýän esasy problema näme we bu ýerde nähili çözgütler bolup biler?

Şu soraglara "Tegelek stol" diskussiýasynda türkmenistanly ýazyjy we ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew, ozalky pedagog we aktiwist Nurberdi Nurmämmedow we Orsýetden pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Ataýew dagylar jogap berýärler.

Şu temadan geçirilen "Tegelek Stol" gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG