Sepleriň elýeterliligi

Şarapowa “French Open” halkara ýaryşynyň çempiony boldy


Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän tennis boýunça “French Open” halkara ýaryşynyň final bäsleşiginde şenbe güni orsýetli Mariýa Şarapowa italiýaly tennisçi Sara Erranini utup, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Şarapowa iki tapgyr bäsleşikde öz garşydaşyndan 6-3 we 6-2 hasap bilen üstün çykdy.

Tennis boýunça erkekleriň arasyndaky bäsleşikde anna güni ýarym finalda serbiýaly Nowak Jokowiç şwesariýaly Rodjer Federerden üstün çykyp, ýaryşyň finalyna çykdy.

Ýekşenbe güni geçjek final bäsleşiginde ol ispaniýaly Rafael Nadal bilen bäsleşer. Rafael Nadal ýarym finalda öz watandaşy Dewid Ferrerden üstün çykdy.
XS
SM
MD
LG