Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde yslamçy ekstremist polisiýanyň iki işgärini pyçaklady


Şenbe güni Belgiýanyň paýtagty Brýusselde yslamçy ekstremist diýlip güman edilýän bir adam iki sany polisiýa işgärini pyçaklanda, ol tussag edildi.

Bu wakada pyçaklanan bir aýal we bir erkek polisiýa ofiseriniň tenine ýüzleý ýara salnandygy habar berilýär.

Maglumata görä, hüjüm eden bu adam özüniň bu hereketini Belgiýanyň musulmanlara garşy görýän çärelerine jogap hökmünde düşündiripdir. Hüjüm edeniň ýanyndan onuň “Shariah4Belgium» atly bir ekstremistik yslamçy toparyň agzasydygyny görkezýän dokumentiň-de tapylandygy habar berilýär.

Bu gürrüňi edilýän ekstremistik dini toparyň lideri Fouad Belkaçem “YouTube” internet saýtynda musulman däl adamlara garşy hüjüm edilmegine çagyryş ediji wideo ýüzlenmesini ýerleşdirmeginiň yzy bilen, şu geçen hepdäniň penşenbe güni tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG