Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da tussaglykdaky Pawel Lazarenkonyň öýi talandy


ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň resmileri pul ýuwuşlyk bilen bagly jenaýatçylykda tussag edilen ozalky ukrain premýer-ministri Pawel Lazarenkonyň Kaliforniýadaky öýüniň ogrular tarapyndan talanandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, bu ogurlykda Pawel Lazarenkonyň jaýyndan suratkeş Pablo Pikassonyň 30 müň dollara durýan litografik kartinasy, kümüş şemdanlar, kompýuterler, gymmatbaha egin-eşikler we käbir beýleki goşlar ogurlanypdyr.

Onuň bu jaýynyň tutýan meýdanynyň 6 müň kwadrat metrdigi habar berilýär. Ogrularyň ele salnandygy ýa salynmandygy barada anyk maglumat alynmady.

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Pawel Lazarenko Ukrain döwletine degişli 200 million dollar töweregi pul ogurlygynda aýyplanyp, 2006-njy ýylda ABŞ-nyň sudy tarapyndan 9 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG