Sepleriň elýeterliligi

Belarus ýedi ýurduň sanksiýalara goşulmagyna alada bildirýär


Şenbe güni Belarusyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň Belarusa garşy girizen sanksiýalaryna Ýewropanyň ýene ýedi döwletiniň goşulmagyna özüniň örän gynanýandygyny aýtdy.

Bu wakanyň öňýany Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katerin Aşton Bileleşigiň ýakynda kabul eden sanksiýalaryna indi Albaniýanyň, Islandiýanyň, Lihtenşteýniň, Makedoniýanyň, Serbiýanyň, Horwatiýanyň we Çernogoriýanyň-da goşulandygyny mälim etdi.

Bu sanksiýalar Belarusyň resmilerine garşy wiza gadagançylygyny we käbir ykdysady çäklendirmeleri göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG