Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: demonstrasiýalar baradaky täze kanun güýje girdi


Orsýetde demonstrasiýalar baradaky täze kanun şenbe gününden başlap güýje girdi.

Şu geçen hepde parlamentiň aşaky we ýokarky palatasy tarapyndan tassyklanan hem-de anna güni prezident W.Putin tarapyndan gol çekilen bu täze kanunyň teksti şu gün “Rossiýskaýa gazeta” atly gazetde çap edildi. Kanunyň tekstiniň gazetde çap edilmegi bilen, ol resmi güýje girýär.

Indi täze kanuna görä, rugsat berilmedik demonstrasiýalara gatnaşan her bir raýata 9 müň dollara çenli jerime salnyp bilinýär.

Şeýle düzgün bozmalar üçin hökümet resmilerine salynýan jerimäniň möçberi iki esse köp. Orsýetiň parlamentinde bu kanunyň taslamasyna oppozision fraksiýalar garşy çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG