Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: hökümet maslahatynda ylym meselesine-de üns berildi


Anna güni Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda ylym pudagyndaky meselelere-de üns berildi.

Hususan-da, prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy işgärlerini we ähli ilatyny ýetip gelýän ylym güni bilen gutlady hem-de bu waka gabatlanyp geçirilen konkursyň jemleri baradaky permana gol çekdi.

Zehinli ýaşlary ylma we täze tehnologiýalara höweslendirmek maksady bilen geçirilen bu konkurs Türkmenstanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan gurnaldy.

Maslahatda prezident G.Berdimuhamedow bu konkursyň ýeňijilerini sylaglamak baradaky permana gol goýdy. Soňra hökümet maslahatynyň dowamynda wise-premýerler we käbir ministrler öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG