Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: hemaýatly bazara hemaýat ýok


Daşoguz şäheriniň "Baý bazar” diýlip atlandyrylýan söwda bazary. Iýun, 2012.

Daşoguz şäheriniň "Baý bazar” diýlip atlandyrylýan söwda bazary. Iýun, 2012.

Daşoguz şäheriniň merkezinde ýerleşýän bu bazar halk arasynda “Baý bazar” diýlip atlandyrylýar. Daşoguzyň bu iň uly bazary şäheriň wokzalyna golaý ýerleşýär.

Ol bazar Daşoguzyň beýleki bazarlaryndan ululygy, harytlarynyň dürlüligi bilen tapawutlanýar. Müňlerçe adamyň iş ýeri bolan bu bazarda durmuşda gerek bolýan islendik harydyňy tapyp bolýar. Hut bazaryň içinde ona golaý çaý içilýän ýer bar.

Bu bazarda gök önüm satýan Gülzada daýzanyň sözlerinden çen tutsaň, gök-bakja önümlerini satýan satyjylar bu bazarda iki topara bölünýär. Olaryň biri alyp-satarlar, beýlekisi öz melleginiň önümlerini satýanlar.

“Men we meniň gapdalymdaky aýallar ikinji topara degişli. Biz öz mellegimizde ýetişdiren gök önümlerimizi satýarys” diýip, Gülzada daýza gürrüň berýär.

Öz melleginiň gök önümlerini we miwelerini satýan satyjylaryň belli bir satuw nokatlary bolmansoň, olar bazarda boşrak ýer tapsalar, şol ýerde oturyp söwda edýän ekenler.

Önüm köp, alada-da köp

Daşoguzyň köp derwezeli bu uly bazarynda her harydyň satylýan öz ýeri bar. Mysal üçin, bazaryň bir künjeginde diňe çörek önümleri, beýleki künjeginde bolsa et dükanlary bar.

Eger şähere ilkinji gezek gelen myhman bolup, bazarda gerek zadyňy tapmasaň, bazaryň islendik satyjysyna ýüzlenäýmeli. Daşoguzyň myhmansöýer halky derrew kömek eder.



Bazaryň gündogar derwezesiniň öňünde taksi duralgasy bar. Ol ýerde hususy taksi sürüjiler Daşoguzyň etraplaryndan gelenlere öz ulag hyzmatlaryny hödürläp durandyrlar.

Köp ýyldan bäri kitap satýan 55 ýaşly Süleýman aga ýylyň ýagyşly günlerinde bazaryň depesinden ýagşyň geçýänligini aýdyp, şeýle diýdi: “Gyşda we baharyň ýagyşly möwsüminde bazaryň käbir ýerlerinden asla ýöräp bolanok. Bazaryň pes ýerlerine köp suw ýygnanyp, alyjylaryň ýöremegine ýer galmaýar. Munuň sebäbi bazaryň köp böleginiň üsti açyk. Üsti basyrylan ýerleriniň-de köp ýerlerinden syzyp ýagyş geçýär. Hökümet şu kemçiligi aradan aýyrsa, daşoguzlylar üçin gowy bolardy”.

Söwdegärler artýar

Süleýman aganyň aýtmagyna görä, soňky döwür bazarda söwdegärleriň sanynyň artýandygy duýulýar.

“Men 17 ýyldan bäri kitap söwdasyny edýän. Öňler häzirki ýaly işsizlik ýokdy. Ol döwürlerde bazarda satyjylar azdy. Häzirki döwür söwdegärleriň gün-günden köpelmegi zerarly, hatda baý bazar ýaly uly bazarlarda-da satyjylar üçin ýer ýetmezçiligi ýiti duýulýar” diýip, Süleýman aga özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Hünäri boýunça ýokary bilimli oba hojalykçy Süleýman aga garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda öz islegi bilen bazarda kitap satmaga başlapdyr.

Öz hünäri boýunça işlemezliginiň sebäbini ol şeýle düşündirdi: “Men bu ýerde kitap satyp, aýda arkaýyn 600 manat gazanýan. Üstümde buýruk berip duran başlyk ýok. Hazir käbir oba agronomynyň aýlyk haky 500 manat diýip eşitdim. Üstesine, ertirden agşama çenli olar aýak üstünde bolmaly. Dynç günlerinde-de olaryň işledilýändigini eşidýärin. Söwda-satyga indi men öwrenişipdirin”.

Daşoguz bazary welaýatdaky ýüzlerçe, hatda müňlerçe maşgalanyň eklenç çeşmelerinden biri. Bazar açylaly bäri, ol ilatyň hem söwda-satyk üçin gelýän esasy merkezlerinden biri bolup, bazara her gün müňlerçe adam aýlanýar.

Emma, muňa garamazdan, bazaryň müşderileri bazaryň iýmit önümleri satylýan böleginiň satyjylarynyň arassaçylygy saklaýyşlaryndan nägile. Köplenç halatlarda ol ýerlerdäki hapalaryň aýrylman, köp wagtlap durýanlygy uly bazaryň alyjylarynda negatiw täsir galdyrýar.
XS
SM
MD
LG