Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: uçar heläkçiliginde 5 adam ölüp, 13 adam ýaralandy


Ýekşenbe güni Ukriananyň paýtagty Kiýewiň eteginde bir kiçi uçar ýaramaz howada gonmaga synanyşynda, heläkçilige uçrady. Wakada 5 adamyň ölüp, 13 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi wakanyň ýüz beren wagty bu uçaryň içinde 16 sany paraşutçynyň we iki pilotyň bolandygyny habar berdi.

Maglumata görä, ýerli pilotçylyk mekdebine degişli bu uçar paraşutçylaryň bökmegi üçin howa göterilipdir we soňra howanyň ýaramazdygy sebäpli, dessine gonmaga synanyşypdyr.

Bu heläkçilikde uçara näderejede zyýan ýetendigi barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG