Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada ýurduň parlamentine saýlawlar geçirilýär


Ýekşenbe güni Fransiýada parlament saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlar Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Ollandyň Sosialistler partiýasynyň wekilleri üçin möhüm synag hasaplanylýar.

Fransua Olland baý gatlaklara salynýan salgytlary artdyrmaklyga we jemgyýetiň orta gatlagynyň iş şertlerini gowulandyrmaklyga söz beripdi.

Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynda häzirki wagt ýurduň ozalky prezidenti Nikolýa Sarkozini goldaýan konserwatiw güýçler agdyklyk edýär.

Saýlawlaryň öňýany ilat arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklar Sosialistler partiýasynyň Ýaşyllar partiýasy we käbir beýleki koalision partýorlary bilen bilelikde parlamentde agdyklyk ediji orny eýelejekdigini görkezdi.
XS
SM
MD
LG