Sepleriň elýeterliligi

Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasy harby türgenleşik geçirýär


Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasyna girýän alty ýurtdan bäşisi ýekşenbe güni Täjigistanyň Hojent şäheriniň golaýynda harby türgenleşige başladylar.

Terrorizme garşy göreşe bagyşlanyp geçirilýän bu harby türgenleşige Orsýetden, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan jemi 2 müňden gowrak harby gatnaşýar.

Orsýetiň Goranmak ministrligi bu harby türgenleşige bu ýurtlaryň harby güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşileriniň-de gatnaşýandyklaryny mälim etdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasyndan bu türgenleşige diňe Özbegistan gatnaşanok. Bu harby türgenleşigiň 14-nji iýuna çenli dowam etjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG