Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan etniki çaknyşyklaryň iki ýyllygyny belleýär


Ýekşenbe güni Gyrgyzystan bu ýurduň günortasynda ýüz beren etniki çaknyşyklaryň iki ýyllygyny belläp geçýär.

2010-njy ýylyň 10-njy iýunynda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerli gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda ýüze çykan şol etnki çaknyşyklarda jemi 400-den gowrak adam ölüpdi. Şol wakadan soň Gyrgyzystanyň hökümeti 10-njy iýuny Milli Hakyda Güni diýip yglan edipdi.

Ýekşenbe güni bu waka bilen baglanyşykly Bişkekde gurnalan ýatlama çäresine ýüzlerçe adam, şol sanda hökümet agzalary-da gatnaşdylar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Norwegiýa Helsinki Komiteti, Orsýetiň “Memorial” guramasy we düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasy ýekşenbe güni bu waka gabatlap bilelikde ýaýradan hasabatlarynda Gyrgyzystandaky bu etniki çaknyşyklaryň sebäpleriniň henizem gümürtik bolmagynda galýandygyny belläpdirler.
XS
SM
MD
LG