Sepleriň elýeterliligi

“Awazada” çagalaryň halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi


Şenbe güni Türkmenistanyň “Awaza” turistik zonasynda çagalaryň halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Oňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan çagalaryň çeper kollektiwleri gatnaşdylar.

Hususan-da, “Awazada” geçirilen bu festiwalda Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň çagalar kollektiwleri aýdym-saz programmalary bilen çykyş etdiler.

Festiwalyň oňýanyndaky günlerde bu daşary ýurtly çagalar üçin Türkmenistanyň “Gökdere” we “Awaza” dynç alyş merkezlerinde birnäçe günüň dowamynda ýörite medeni-dynç alyş çäreleriniň gurnalandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG