Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz sosialistleri parlamentdäki köplügi alarly


Ýaş sosialistler parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň netijelerine reaksiýa bildirýärler, Pariž, 10-njy iýun.
Ýaş sosialistler parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň netijelerine reaksiýa bildirýärler, Pariž, 10-njy iýun.
Fransiýda geçirilen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň netijeleri sosialistleriň köplük orny eýeläp, prezident Fransua Ollandyň möhüm ykdysady reformlaryna ýol açyljakdygyny görkezýär.

Içeri işler ministrligi tarapyndan bildirilen netijlere görä, sosialistler bilen olaryň ýarany ýaşyllar (Ýaşyl partiýa) sesleriň 46 prosentini alypdyr. Öňki prezident Nikolýa Sarkoziniň UMP partiýasynyň alany bolsa 34 prosent.

Bu netijeler 17-nji iýunda tassyklanan ýagdaýynda 577 orunly Milli Ýygnakda Ollandyň elinde doly köplük bolar diýip garaşylýar. Bu bolsa reformalary parlamentden geçirmek üçin zerur bolup durýar.

Ollandyň ileri sürýän reformalarynda ykdysady ösüşi ýola goýmak üçin kyn ýagdaýdaky ýewro ýurtlarynda girizilen tygşytlylyk ýaly çärelerden saklanmak göz öňünde tutulýar.

Sosialistik partiýanyň tarapdary, parižli zenan Elsa Genetaý özgeriş üçin dörän mümkinçiligi gutlaýar: "Biziň reaksiýamyz şu: biz orän şat. Sebäbi indi Milli Ýygnakda Fransua Olland köplük bilen öz syýasatyny ýöredip biler. Indi hakykatdan hem häkimiýete çepçiler geldi. Fransiýada köp zatlary üýtgedip bileris. Men bu netijelere gaty begenýärin".

Olland halkyň halajak reformalarynyň birnäçesini eýýäm amala aşyrdy. Ol mininstrleriň aýlyklaryny 30 prosent azaltdy. Pensiýa ýaşyny hem altmyş ikiden altmyşa getirdi.

Ýöne onuň ýene-de girizmek isleýän reformlary bar. Bularyň biri baýlaryň töleýän salgyt derejesini artdyrmak, şeýle hem ýurduň mekdepleri üçin goşmaça 60 müň mugallym almak.

Sosialistik partiýanyň agzasy, Ykdysadyýet ministrliginiň ýokary derejeki işgäri Bonoa Amon saýlaw netijesini gutlaýar. Ýöne ol Ollandyň toparyna näçe ornuň düşjekdigini ikinji tapgyryň kesgitlejekdigini nygtaýar.

"6-njy maýda fransuzlar Fransua Ollandy belli bir syýasat üçin saýladylar. Bu indi olaryň bu syýasatlary amala aşyrmaga oňa mümkinçilik bermek isleýändiklerini görkezýär. Bu bir oňaýly ilkinji ädim. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, biz Fransua Olland geljek ýekşenbe güni öz isleýän syýasatyny alyp barar ýaly mobilizasiýany artdyrmaly".

Ollanda ynam bildirilip berlen sesler Ýewropada onuň statusyny ýokarlandyryp, Fransiýany Germaniýa garşy uly agrama öwrüp biler. Sebäbi häzir ýewro zonasynda durýan 17 ýurduň barha artýan maliýe krizisine garşy hähili göreşmelidigi baradaky çekişmleriň ugruny Berlin kesgitleýär.

Saýlawda aşa sagçy Marin Lö Peniň "Milli Font" partiýasy hem halkdan ýokary goldaw tapdy. Marin Lö Pen Fransiýany ýewrony taşlap, ýurduň "yslamlaşmagy" diýýänine garşy göreşe çagyrýar.
XS
SM
MD
LG