Sepleriň elýeterliligi

Türkmen metbugatynda 10-njy iýunda ýaýradylan maglumatda 27-nji iýul-12-nji awgust aralygynda Britaniýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak sportçularyň hataryna Türkmenistanyň ýene bir sportçusynyň – suwda ýüzmek boýunça ýurduň birnäçe gezek çempiony bolan Jennet Saryýewanyň gatnaşjakdygy habar berildi.

Bu barada Türkmenistanyň milli Olimpiýa komitetine suwda ýüzmek boýunça Halkara federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kornel Markuleskunyň hat ýollandygy aýdylýar.

18 ýaşly Jennet Saryýewa iki ýyl mundan ozal ýaşlaryň birinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdy. Maglumata görä, Türkmenistanyň at gazanan treneri Sergeý Epifanowyň şägirdi Jennet Saryýewanyň aýal-gyzlaryň arasynda 50, 100, 200, 400, 800 hem 1500 metr aralygynda arkanlygyna ýüzmekde deňi-taýy ýok.

Türkmen gyzynyň sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça öňe saýlanyp, Britaniýanyň paýtagtynda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjakdygy baradaky habar daşary ýurt türkmenleri tarapyndan hem hoşallyk bilen garşy alyndy.

Bu habardan öň Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrundaky saýlama ýaryşlarda 10-a golaý türkmen sportsmeniniň üstünlik gazanandyklary aýdylypdy. Olaryň agyr atletika, aýal-gyzlaryň arasynda dzýudo, ýeňil atletika we erkekleriň arasynda suwda ýüzmek boýunça hem bäsleşjekdikleri habar berildi.

Aprel aýynyň başynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen Aziýa oýunlarynda türkmenistanly boksçular Serdar Hudaýberdiýewiň we Nursähet Pazzyýewiň hem 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanandyklary habar berildi.

Londondaky tomusky Olimpiada gatnaşjak türkmenistanly toparyň jemleýji düzümi ähli saýlama ýaryşlar tamamlanandan soň belli bolar.

2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 10 sportsmen gatnaşypdy, olar hiç bir medal alyp bilmändiler. Emma türkmen sport muşdaklary şu gezekki Olimpiýa oýunlarynyň türkmen sportsmenleri üçin has şowly boljagyna umyt edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG