Sepleriň elýeterliligi

Inguşetiýada partlamanyň öňi alnandygy aýdylýar


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionundaky Inguşetiýa respublikasynda terroristleriň planlaşdyran partlama planynyň öňi alnandygy aýdylýar. Bu barada howpsuzlyk güýçleri maglumat berýär.

Resmiler öten agşam Malgobek şäherinde gök önümler dükanynda partlamanyň bolandygyny aýdýarlar. Wakanyň bolan ýerine gelen hopwsuzlyk güýçleri golaýda ýerleşdirlen başga-da iki sany partlaýjy serişdäniň üstüni açyp, olary howpsuzlandyrdylar.

Resmileriň çaklamasyna görä, birinji partlamanyň bolan ýerine polisiýa we keselhana işgärleri gelenden soň, şol iki partlaýjy ýarylmaly eken.

Şeýle-de, söweşiji diýip çaklanýan iki adamyň ot atyşlykda öldürlendigini duşenbe güni inguş polisiýasy habar berdi.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Dagystanda, Çeçenistanda we Inguşetiýada söweşijidigi çak edilýän adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşykda her ýyl ýüzlerçe adam heläk bolýar we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG