Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Mýanmaryň Rakhine ştatyndan işgärlerini çykaryp başlady


BMG Mýanmaryň günbataryndaky edarasyndan özüniň işgärlerini çykaryp başlady. Rakhine ştatynda musulmanlar bilen buddistleriň arasynda ganly çaknyşyklar bolupdy.

BMG-niň Mýanmardaky wekili we gumanitar koordinatory Aşok Nigamyň maglumatyna görä, Rakhine ştatyndan eýýäm BMG-niň 40-dan gowrak işgäri we olaryň maşgalalary çykarylypdyr.

Ýekşenbe güni Mýanmaryň hökümeti Rakhine ştatynda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Anna we dynç alyş günleriniň dowamynda geçirilen ýörişlerde azyndan 7 adamyň ölendigi aýdylýar.

Rakhine ştatynda aglaba buddist etnik toparlary ýaşaýar. Emma regionda köp sanly musulmanlar hem bar.
XS
SM
MD
LG