Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýanyň banklaryna berlen kredit kömegi gowy garşylandy


Ispaniýanyň banklaryna hemaýat hökmünde 100 milliard ýewronyň goýberiljekdigi baradaky beýanatyň yz ýany bazar indeksleri, nebtiň bahasy we ýewronyň dollara bolan gatnaşygy ýokarlandy.

Dynç günleriniň dowamynda 17 agzalyk ýewrozonanyň maliýe ministrleri Ispaniýanyň banklaryna goldaw hökmünde krediti hödürledi. Şeýle-de, Madrid öz banklaryna hemaýatyň gerek boljakdygyny ykrar etdi.

Duşenbe güni indeks bazarlary açylanda, bu gowy garşylandy. Madridiň IBEX 35 görkezijisi 6% çemesi ýokarlandy.

Duşenbe gününiň dowamynda Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Gong Kongyň bazarlary hem 2% töweregi artypdy.

Duşenbe güni Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlarynda nebtiň bahasy-da her barrel üçin, 2 dollar çemesi ýokarlandy. Şeýle-de, ýewronyň dollara bolan gatnaşygy artdy.
XS
SM
MD
LG