Sepleriň elýeterliligi

Maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi duýulýar


Saglyk öýlerinde maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi sebäpli olaryň her biriniň üstüne ýüklenýän işiň möçberi hem artýar.

Saglyk öýlerinde maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi sebäpli olaryň her biriniň üstüne ýüklenýän işiň möçberi hem artýar.

Soňky döwürlerde Aşgabatda maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Ilat sany barha köpelýän ýurduň paýtagtynda maşgala lukmanlarynyň sany ilatyň talabyny häzirlikçe ödemeýär. Saglyk öýlerinde maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi sebäpli olaryň her biriniň üstüne ýüklenýän işiň möçberi hem artýar.

“Aslyýetinde her bir maşgala lukmany bir uçastoga seretmeli. Emma lukmanlaryň ýetmezçiligi sebäpli her bir maşgala lukmany 4-5 uçastoga aýlanmaly bolýar. Her uçastokda bolsa takmynan 15 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy bar. Olaryň hersinde 30 hojalyk ýa-da kwartira bar. Onsoň, maşgala lukmany nädip her bir näsaga seredip ýetişsin? – diýip, Aşgabadyň 2-nji saglyk öýüniň lukmany zeýrenýär.

Maşgala lukmanlarynyň sanynyň ýetmezçiligi sebäpli dürli problemalar ýüze çykýar. Olardan biri hem maşgala lukmanlarynyň näsaglara öz wagtynda gözegçilik edip bilmeýänligi. Aşgabadyň 2-nji saglyk öýüne degişli 30-njy mikroraýonynyň ýaşaýjysy Amangülüň aýtmagyna görä, maşgala lukmany eýýäm birnäçe wagt bäri onuň 8 aýlyk gyzjagazyna seretmäge gelenok.

“Meniň gyzyma priwiwka etdiler. Ol gyzdyryp ýatyr. Emma, eýýäm bir aý boldy maşgala lukmanymyz meniň çagama seretmäge gelenok. Jaň edip, haýyş edip, zordan öýe getirmeli” diýip, Amangül gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, 2-nji saglyk öýüniň problemalary diňe bir lukman ýetmezçiligi bilen çäklenmän, eýsem bu saglyk öýüniň näsaglara edýän lukmançylyk hyzmatlary üçin tölegleri hem gala.

“Mysal üçin, flýurografiýa barlagy lukmançylyk ätiýaçlyk kitapçasy bilen 2 manat bolsa-da, 5 manat alýarlar” diýip, Amangül aýdýar. “Ýa-da lukman ýetmezçiligi sebäpli işe girmek üçin medisina barlag hatyny almaga barlagdan geçip bolanok. Şonuň üçin, 100 manat töweregi pul bermeli. Aslyýetinde bu barlagdan geçeniňde aňry gitse 30 manat çykdajy edilýär” diýip, Amangül aýdýar.

Saglyk öýüniň hajatlary

Bu saglyk öýüniň efirde adynyň tutulmagyny islemedik lukmanynyň aýtmagyna görä, lukmanlaryň aýlyklarynyň belli bir bölegi saglyk öýüniň hajatlary üçin alynýar.

“Her aýlygymyzyň belli bir möçberi alynýar. Ol pullar poliklinika tuty, kondisioner satyn almak üçin ýa-da onuň remondy üçin sarp edilýär” diýip, 2-nji saglyk öýüniň lukmany aýdýar.

Aşgabadyň 2-nji saglyk öýündäki ýaly ýagdaýyň paýtagtyň beýleki saglyk öýlerine hem belli bir derejede mahsusdygyny paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň adynyň efirde tutulmagyny islemedik lukmany aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, maşgala lukmanynyň ýetmezçiligi, lukmanlaryň aýlyklaryndan belli bir möçberde pul tutulmagy ýaly nogsanlyklar 1-nji saglyk öýünde hem bar.

“Biziň saglyk öýümiziň hem maşgala lukmanlarynyň iş ýüki örän uly. Bir maşgala lukmanynyň 5 uçastoga seretmeli bolýan halaty hem bar” diýip, 1-nji saglyk öýüniň lukmany aýdýar. “Käbir uçastoklarda bolsa asla maşgala lukmanlary ýok. Munuň üstesine-de, saglyk öýüniň lukmanlarynyň aýlyklaryndan dürli maksatlar üçin häli-şindi pul ýygnalyp durmagy, olaryň köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur edilmegi lukmanlaryň işini has-da kynlaşdyrýar”.

Aşgabat şäherindäki saglyk öýleriniň sany 10-dan geçýär. Emma ilat sany 700 müňden geçýän Aşgabatda maşgala lukmanlarynyň sanynyň 2010-njy ýylda diňe 438 adam bolandygy barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlarynda habar berilýär. Häzirki saglyk öýlerindäki maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiliginden çen tutsaň, şondan bäri hiç zat üýtgemedige meňzeýär.
XS
SM
MD
LG