Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro-2012 çempionaty göni efirde


Futbol janköýerleriniň käbirleriniň aýtmagyna görä, türkmen telewideniýesiniň bu translýasiýalarynyň hili daşary ýurt telekanallarynyňkydan o diýen pes däl.
Futbol janköýerleriniň käbirleriniň aýtmagyna görä, türkmen telewideniýesiniň bu translýasiýalarynyň hili daşary ýurt telekanallarynyňkydan o diýen pes däl.
Futbol boýunça Ýewro-2012 çempionaty dowam edýär. Ilkinji gezek Ýewro-2012 ýaly uly halkara ýaryşynyň türkmen telewideniýesi boýunça göni efirde görkezilmegi müňlerçe türkmen futbol janköýerlerine bu bäsleşigiň duşuşyklaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berdi.

Ýewropa futbol çempionatynyň duşuşyklarynyň translýasiýasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň tagallasy bilen amala aşyrylýandygyny kommentatorlar duşuşygyň dowamynda ençeme gezek gaýtalaýarlar.

Bu translýasiýalar göni efirde türkmen telewideniýesiniň iki kanalynda, ýagny “Ýaşlyk” we “Türkmenistan sport” telekanallarynda görkezilmelidi. Emma häzire çenli diňe “Türkmenistan sport” telekanalynda görkezilýär. Futbol janköýerleriniň käbirleriniň aýtmagyna görä, türkmen telewideniýesiniň bu translýasiýalarynyň hili daşary ýurt telekanallarynyňkydan o diýen pes däl.

“Daşary ýurt telekanallaryndaky ýaly bu translýasiýalaryň başynda, arakesmesinde we ahyrynda duşuşuk barada gürrüň edilip, dürli maglumatlar berilýär. Duşuşyklaryň kommentarileri hem gitdigiçe gowulaşýar” diýip, 37 ýaşly futbol janköýeri Arslan aýdýar.

Duşuşyklaryň translýasiýasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň tagallasy bilen amala aşyrylýandygyny kommentatorlar duşuşygyň dowamynda ençeme gezek gaýtalaýarlar.
Duşuşyklaryň translýasiýasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň tagallasy bilen amala aşyrylýandygyny kommentatorlar duşuşygyň dowamynda ençeme gezek gaýtalaýarlar.
Emma Ýewropanyň futbol boýunça çempionatynyň duşuşyklaryny köpçülikleýin görkezýän Aşgabadyň käbir kafelerinde, esasan, daşary ýurt, hususanda, Orsýetiň telekanallarynyň translýasiýasy görülýär. Bu kafeleriň biriniň işgäriniň aýtmagyna görä, kafeniň müşderileri ors telekanallarynyň futbol duşuşyklarynyň kommentarisini diňlemegi halaýarlar.

“Ors telekanallarynyň kommentatorlarynyň futbol duşuşygyny alyp baryşlary gyzykly bolýar. Onsoňam, adamlaryň köpüsi halkara ýaryşlarynyň ors dilindäki translýasiýalaryna öwrenişipdirler” diýip, kafeniň işgäri aýdýar.

Orsýetiň ORT, RTR1, Türkiýäniň TRT1 telekanallary hem bu çempionatyň ähli oýunlaryny göni efirde translýasiýa edýärler. Umuman aýdylanda, türkmenistanlylara bu çempionatyň duşuşyklarynyň dürli telekanallardaky translýasiýasynyň hilini deňeşdirmäge mümkinçilik bar.

“Ak altyn” myhmanhasyndaky kazinonyň totalizatorynda pul goýýanlaram köpelýär. Bu totalizatorda 5 manatdan tä 500 manada çenli pul goýup bolýar.
“Ak altyn” myhmanhasyndaky kazinonyň totalizatorynda pul goýýanlaram köpelýär. Bu totalizatorda 5 manatdan tä 500 manada çenli pul goýup bolýar.
Telewideniýe arkaly futbol duşuşyklaryna tomaşa eden futbol janköýerleri biri-biri bilen duşuşanlarynda bu bäsleşigiň dowamynda geçirilýän oýunlar barada öz aralarynda pikir alyşýarlar. Bu pikir alyşmalaryň soňabaka jedele ýazýan halatlary hem seýrek däl.

Öz aralarynda jedelleşip, pul goýýanlar hem az däl. Bir blok piwo ýa-da 1 blok çilime jedelleşýänlerem bar. Garaz, her kim öz mümkinçiliklerine görä jedelleşýär. Futbol janköýeri Arslanyň janköýerlik edýän ors komandasy oňa bir blok çilim utmaga kömek edipdir.

“Orsýetiň Çehiýany näçe hasap bilen utjakdygyny takyk aýdyp bilmesemem, onuň utjakdygyna şübhäm ýokdy. Işdeş ýoldaşym bilen bir blok “Malboro” çilimine jedelleşdim. Men utdum” diýip, Arslan aýdýar.

Aşgabadyň “Ak altyn” myhmanhasyndaky kazinonyň totalizatorynda pul goýýanlaram köpelýär. Bu totalizatorda 5 manatdan tä 500 manada çenli pul goýup bolýar.

“Bir oýunam utulamok. Hemmesinem utup gelýärin. Dört oýun oýnadym. Dördüsinem utdum. Ýöne köp pul alamok-da. Bary-ýogy 10 manat oklaýaryn. Uly pul bolsa boljak. Pulum ýok-da” diýip, “Ak altyn” myhmanhanasynyň kazinosynyň totalizatorynda oýnaýan 43 ýaşly Gurbandurdy aýdýar.

Käbirleri üçin totalizatorda oýun humar bolsa, käbirleri üçin gazanç. “Ak altyn” myhmanhanasynyň kazinosyndan çykyp barýan Gurbandurdy üçinem totalizatordaky oýun belli bir derejede eklenç.

“Aý, çörek puluňa düşýär-dä” diýip, Gurbandurdy kazinodan çykyp gitdi.

Polşada we Ukrainada geçirilýän futbol boýunça UEFA-nyň Ýewropa çempionaty dowam edýär. Bu bäsleşige dünýäniň beýleki futbol söýüjileri bilen bir hatarda türkmenistanly futbol janköýerleriniň hem ençemesi bu ýyl ilkinji gezek öz ene dillerinde berilýän görkezilişe höwes bilen tomaşa edýärler.
XS
SM
MD
LG