Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary attestasion geňeşe zerurlyk


Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy
Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy
Türkmenistanda hakimiýetiň çalyşmagy bilen Ylymlar Akademiýasy gaýtadan açylyp, aspiranturalar, doktoranturalar dikeldildi. Özbaşdak ýa-da şärikli görnüşde ylmy iş etjek adamlara hem uly mümkinçilikler döredildi.

Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanda her ýylda aýlygy 10 göterim köpeltmek kada öwrüldi, emma Ylymlar Akademiýasynyň açylmagy bilen ylmy işgärleriň aýlygy 2009-njy ýylyň başynda 40 göterim köpeldilipdir – aspirantlara 800 manat, doktoranturada okaýanlara hem 1200 manat.

Okuwyna gowy ýetişýän aspirantlara, doktorantlara goşmaça öz ugry boýunça sagatlaýyn gazanç etmek mümkinçiligi döredilipdir. Her aspiranta ýolbaşçylyk edýäne, şeýle hem doktoranta maslahat beriji ylymlaryň doktoryna her ýylda 25 okuw sagady möçberinde töleg etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakyndaky “Düzgünnamanyň” 58-nji maddasynda ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäre, esasy iş ýerinden dissertasiýasyny taýýarlamak üçin ortaça zähmet hakyny tölemek bilen, üç aýlyk, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäre alty aýlyk zähmet rugsadyny bermeklik göz öňünde tutulypdyr. Elbetde, bu döredilen şertler geljekde ylmyň ösmegine oňaýly täsir edip biler.

Ýöne tejribeli alymlar “Aspirantura girmek üçin 5 ýyl iş tejribesi bolmaly” diýilýän talap ýatyrylsa, munuň ylmyň ösmegine uly goşant boljakdygyny belleýärler.

Şeýle hem häzir dalaşgär hökmünde ylmy dereje aljaklaryň ylmy temasam diňe ýylda bir gezek bildiriş esasynda kabul edilýär. SSSR döwründe we Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda welin, dalaşgär hökmünde ylmy dereje almak isleýänler ýylyň islendik döwründe temasyny ylmy edaranyň ýa ýokary okuw jaýynyň Alymlar geňeşinde tassykladyp bilýärdiler. Alymlar ylmy dereje almak isleýän dalaşgärlere şol mümkinçiligiň döredilmelidigini özara söhbetdeşlikde gürrüň berýärler.

Ýene bir bellemeli zat, Ýokary Attestasion Komitetiň, alymlaryň ylmy dissertasiýasyny, ýagny ylmy işini goratmak üçin ýörite Attestasion geňeşiň açylmazlygy-da, alymlaryň goran ylmy derejesini tassyklaýan Ekspertler geňeşiniň bolmazlygy-da ýurdumyzda ylmyň ösmegine päsgelçilik döredýär. Şonuň üçin alymlar ylmy işgärlere alymlyk derejesini berýän Ýokary attestasion geňeşiň açylmagyna köpden bäri garaşýarlar.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG