Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ulag partlamasynda bäş adam öldi


Owgansytanyň Wardak welaýatynda mini-awtobus partladylanda bäş adam, şol sanda bir aýal we çaga öldi. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär.

Welaýat häkimliginiň metbugat wekili Sahidullah Şahidiň maglumatyna görä, partlamada ulagda bolan beýleki dört ýolagçy aman galypdyr. Sişenbe güni bolan partlamany “Talyban” hereketiniň gurnandygy çak edilýär.

Mundan bir gün öň, Owganystanyň demirgazygynda bir ulag köçe ýaka bomba uçrap ýarylypdy. Şonda bäş adam heläk boldy.

“Talyban” söweşijileri halkara we hökümet güýçlerine garşy köçe ýaka bombalaryny ýygy-ýygydan ulanyp gelýärler. Emma partlamalarda parahat raýatlar hem heläk bolýar.

BMG-niň maglumatyna görä, geçen ýyl Owganystanda parahat raýatlaryň ölüminiň rekord derejesi hasaba alnypdyr. 2011-nji ýylda parahat ilatdan 3 müň raýatyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG