Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ýer titremeden soň 80 adam dereksiz ýitdi


Owganystanda ýer titremeden soň weýrançylygyň aşagynda galan 80 töweregi adamy halas ediş çereleri dowam edýär. Mundan öň, ýurduň demirgazyk sebitlerinde iki sany ýer titreme peýda bolupdy.

Baglan welaýatynyň häkimi Abdul Majid tebigy hadysa sebäpli 22 öýüň weýran bolandygyny aýdýar. Sişenbe güni öýlän iki adamyň jesedi tapyldy, şeýle-de 20 çemesi adam ýaralary sebäpli keselhana ýerleşdirildi.

Duşenbe güni, güýji 5.4 we 5.7 ballyk iki sany ýer titreme boldy.

2002-nji ýylda gürrüňi gidýän sebitdäki bolan ýer titremede 2 müň adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG