Sepleriň elýeterliligi

BMG: Assadyň režimi çagalary gynaýar we öldürýär


BMG Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini ýaragly konfliktleriň dowamynda çagalary öldürýän ýa-da gynaýanlaryň sanawyna goşdy.

BMG-niň täze hasabatynda nygtalmagyna görä, Siriýada dokuz ýaşyndan hem kiçi çagalar tussag edilmek, jynsy zorluklara we gynamak ýaly elhençliklere sezewar edilipdirler.

Hasabat çagalar we Siriýanyň ozalky harbylary bilen geçirlen gürrüňdeşlikleriň dowamynda düzüldi. Hasabatda oppozisiýa bilen söweşlerde çagalaryň tanklaryň öňüne oturdylyp, diri galkan hökmünde ulanylandygy hem aýdylýar.

Şeýle-de, hasabatda uruş wagty oppozisiýa güýçleriniň çagalary suw we däri-dermanlary daşamak üçin ulanýandyklary hem tankytlanýar.
XS
SM
MD
LG