Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hydyr Allanurowyň 90 ýyllygyna


Hydyr Allanurow
Hydyr Allanurow
20-nji asyr taryha girdi. Onuň şöhlesi entegem gözümizi gamaşdyrýar. Bu täze asyryň başynda biziň geçen asyrdaky ýetilen derejeden köp babatda pesde durýandygymyz görünýär. Bu aýratyn-da medeniýet babatynda ýiti duýulýar.

Geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Türkmenistanda Opera we balet teatry döredildi, ol dünýä klassyklarynyň ölmez-ýitmez eserlerini sahna çykaryp bildi. Indi häzir şol döredilen işlerden diňe “Şasenem we Garyp” bilen “Leýli we Mejnun” operalary ýaňadan goýuldy.

Şol uly sungaty döredenler tutuş bir nesildi. Olaryň arasynda-da aýry-aýry adamlar has saýlanýardylar. Olardan biri SSSR-iň Halk artisti Hydyr Allanurow bolsa gerek. Şu ýyl onuň doglanyna 90 ýyl dolýar.

Hydyr Allanurowyň döredijiligi barada häzirki zamanyň belli dirižýorlaryndan biri, Russiýa Federasiýasynyň Halk artisti Myrat Annamämmedow bilen gürrüňdeş boldum.

Myrat Ataýewiçiň ejesi Gözel Annamämmedowa Türkmenistanyň ilkinji ýokary bilimli professional pianisti hem pedagogydy. Myrat Annamämmedow 1983-nji ýylda “Sungat adamlary” diýen kitap ýazypdy. Ol tutuşlygyna Türkmenistanyň professional saz medeniýetini döreden adamlar barada bolup, kitapda H. Allanurowa hem giň orun berlipdi.

Russiýa Federasiýasynyň Halk artisti Myrat Annamämmedow
Russiýa Federasiýasynyň Halk artisti Myrat Annamämmedow
M. Annamämmedow: Meniň aňymda, meniň ýadymda Hydyr Allanurow Türkmenistanyň saz medeniýetinde iň bir joşgunly, örän beýik, görnükli adam bolup galdy. Sebäbi men Hydyr Allanurowy gunnagdan çykalym, ýagny gaty irki çagalygymdan bäri tanaýan. Ol Moskwa konserwatoriýasynda meniň ejem bilen, olaryň jaýy jennetden bolsun, bir döwürde okapdylar. Şol döwürräkde aýdymçylar Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, soňraky baletmeýster Goşa Japarow dagylar okaýardy. Olar türkmen medeniýetinde uly abraý gazanan adamlar bolup ýetişdiler. Olaryň okuwynyň soňky ýyllarynda men doglupdyryn. Moskwada. Ejem meni bäbekhanadan, şol ýaşaýan ýerlerine getiripdir. Soňra olaryň ählisi Aşgabada gaýdýarlar. Aşagabatda-da biz duldegşir goňşuçylykda ýaşadyk.

H. Hally: Siziň nesliňiziň nazaryndan garaňda, H. Allanurow nähili adamdy?

M. Annamämmedow: Hydyr Allanurow, ýeri gelende aýtsak, elbetde, biz çagalardyk, olar ýaş hem bolsa, uly adamlardy, oňa “Dýadýa Çert” diýýärdik. "Şeýtan daýy". Sebäbi çagalar ondan gorkardylar. Ol diýseň buýra saçlydy. Saçy hem örän ösgündi. Çagalar bolsa Allanurowy dirižýor, örän ýowuz adam hökmünde göz öňüne getirýärdiler. Her bir aýdymçy hem artist onuň bilen ylalaşmaly bolýardy. Biz bolsa, hakykatdan-da, ondan gorkýardyk. Ýüzleşenimizde oňa “Dýadýa Hydyr” - "Hydyr daýy" diýýärdik. Oňa şol lakamy beýik Welimuhammet Muhadowyň ogly, şindiki kompozitor hem pedagog Serdar Muhadow dakypdy. Oňa “Dýadýa Çert” diýen lakamy goýan şol bolsa gerek.

H. Hally: Myrat, indi Allanurowyň işlerine geçsek.

M. Annamämmedow: Allanurowyň men bütin ömür ýoluna belet diýsem boljak. Onuň hyzmaty, onuň sazlary çalmakdaky işleri barada köp zatlar aýdyp biljek. Onuň gastrolda bolan döwürlerine-de belet. Ol 1941-nji ýylda Türkmenistanyň Opera we balet teatryna işe kabul edilipdi, soňra ol teatryň baş dirižýory boldy. Ol yzygider 30 ýyl baş dirižýor boldy.

H. Hally: H. Allanurowyň talantynyň diňe dirižýorlyk bilen çäklenmändigini aýdýarlar.

M. Annamämmedow: Mundan daşgary-da, ol görnükli dirižýor bolmagyndan ötri, örän täsin sazandady. Iş arasynda wagt mümkinçiligine görä, saz hem döredýärdi. Şeýlelikde ol özüne çekiji kompozitor boldy. Onuň iň şowly eserleri, elbetde, aýdymlary. Ol aýdymlar örän labyzly hem ýürege ýakymlydy. Mundan başga-da, ol ençeme saz eserlerini ýazdy. Ýöne ol eserler maňa mälim däl, sebäbi men olary çalmadym.

H. Hally: Ýene Annanurowyň dirižýorlyk ukybyna gelsek, onda üýtgeşik ýiti eşidiş ukyby bolupdy diýýärdiler.

M. Annamämmedow: Bu gülkünç bolsa-da, bir mahal Allanurowy sazçylyk mekdebine eşidiş ukybynyň pesligi üçin kabul etmändirler. Elbetde, bu bir bolmajak zat, ýöne ol synagdan geçmäge taýýar däl eken.

Meniň tejribämde bolsa onuň eşidiş ukyby başgaça. Bir dirižýor sazandalar bilen türgenleşik geçirýärdi. Orkestrde kimdir biri sazy ýoýup çaldy. Ol derrew orkestre tarap öwrüldi-de, “Kimdir biri sazy ýalňyş çalýar” diýip gygyrdy.

H. Hally: Ol ussadyň aýdymçylar bilen gatnaşygy nähilidi?

M. Annamämmedow: Hydyr Allanurow öz hökümliligine, aşa talapkärligine garamazdan, aýdymçylaryň ajaýyp ýoldaşydy. Ol aslynda aşa berk adamdy. Ýöne orkestre dirižýorlyk edeninde, öz aýdymçy ýoldaşlaryny elinde göterýärdi. Özümiň tomaşaçy hökmünde şaýat bolan bir wakamy ýatlaýyn. “Şasenem we Garyp” operasynda esasy partiýada ajaýyp hem beýik tenor, Türkmenistanyň Halk artisti Hoja Annaýew çykyş edýärdi. Onuň sesi örän owadan bolsa-da, beýik däldi. Ol Garybyň ariýasyny aýdýarka, sesi peseldi. Şol bada Hydyr Allanurow duran ýerinden tutuş orkestriň üstüne eglip, olara sazy mümkin boldugyça peseňräk çalmagy yşarat etdi. Hoja Annaýewiň örän näzik hem ýakymly sesini basmazlyga çalyşdy. Munuň özi mende çuňňur jadyly ýatlama galdyrdy.

H. Hally: Myrat, meniň iň soňky sowalym seniň özüňe hem halypaňa degişli. Sungat işgärleriniň her biri özüni iň beýik hasaplaýar. Şeýlelikde tutuş kollektiwi, onda saz çalýan, aýdym aýdýan ynjyk adamlary nädip bir ugra gönükdirmegi başarýaňyz?

M. Annamämmedow: Eger meni beýik Allanurowyň mirasdüşeri hasaplasaňyz, Allanurow orkestriň üstünden doly ygtyýarly hem ýalňyz hökümdardy. Men bolsa orkestre başgarak çemeleşmegi dogry saýýan. Başgaça aýtsak, medeniýetli hökümdar, ýagny men buýruk bilen däl, ynandyrmak bilen hereket edýärin. Şeýdip, men umumy kollektiw bilen bir ylalaşygy gazanýaryn. Häzir 3-nji uly kollektiwe ýolbaşçylyk edýärin. Kimiň beýik, kimiň pesligi barada aýdylanda, degşip şeýle diýýärin: “Tanyşmaga rugsat ediň, men Myrat Annamämmedow. Dünýädäki iň yzdan 2-nji dirižýor. Kimiň soňkudygyny bolsa aýtjak däl...”
XS
SM
MD
LG