Sepleriň elýeterliligi

Polşanyň paýtagtynda 184 sany futbol janköýeri tussag edildi


Sişenbe güni giçlik Polşanyň paýtagty Warşawada orsýetli we ýerli futbol janköýerleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda polisiýa azyndan 184 adamy tussag etdi. Polisiýanyň resmileri bu çaknyşyklarda azyndan 20-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Ýaralananlaryň arasynda Polşanyň we Orsýetiň raýatlaryndan daşary Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň we Pakistanyň raýatlarynyň-da bardygy aýdylýar.

Bu çaknyşyklar Polşanyň komandasy bilen Orsýetiň komandasynyň ýaryşynyň öňýany we yzýany ýüze çykdy. Bu futbol ýaryşy 1-1 hasap bilen deňe-deň tamamlandy.
XS
SM
MD
LG