Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň daşary işler ministri Tähranda gepleşik geçirýär


Çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýrana resmi sapar bilen bardy. Onuň Tähranda geçirjek gepleşiklerinde esasan Eýranyň dawaly ýadro programmasy hem-de Siriýadaky krizisler bilen bagly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Sergeý Lawrowyň bu sapary Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Moskwada geçiriljek maslahatyň öňýanyndaky günlere gabat geldi.

Geljek hepde, 18-19-njy iýunda Moskwada dünýäniň ösen alty döwletiniň wekilleri Eýranyň resmileri bilen Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly problemalary ara alyp maslahatlaşarlar.
XS
SM
MD
LG