Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň wekili Siriýada graždanlyk urşunyň barýandygyny aýdýar


Çarşenbe güni BMG-niň parahatçylygy goraýjy toparynyň başlygy Herw Ladsous Siriýanyň häzirki wagt graždanlyk urşy ýagdaýyna girendigini aýdyp, çykyş etdi.

Bu barada eden çykyşynda ol soňky günler Siriýadaky zorluklaryň we çaknyşyklaryň derejesiniň has güýçlenendigine salgylanyp, ýurtdaky konfliktleriň tebigatynyň bütinleý üýtgändigini nygtady.

Ol: “Häzirki wagt Siriýanyň hökümeti ýurduň territoriýasynyň ep-esli böleginde we birnäçe şäherinde öz kontrollygyny elden giderdi we indi kontrollygy ele almak ugrunda dyrjaşýar” diýip, belledi.

Munuň özi BMG-niň wekiliniň resmi ýagdaýda Siriýada graždanlyk urşunyň barýandygyny tassyklamasy hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG