Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl Haç Siriýadaky ýagdaýyň beterleşýändigini aýdýar


Siriýanyň Homs şäherinde ýurduň armiýasy bilen ýaragly toparlaryň arasynda barýan çaknyşyk mahalynda tüsse görünýär, 13-nji iýun.
Siriýanyň Homs şäherinde ýurduň armiýasy bilen ýaragly toparlaryň arasynda barýan çaknyşyk mahalynda tüsse görünýär, 13-nji iýun.
Halkara Gyzyl Haç Guramasy söweşiň güýjemegi bilen Siriýanyň ençeme ýerinde ýagdaýyň barha ýaramazlaşýandygyny aýdýar.

Bu guramanyň bir sözçüsi üstümizdäki hepde ýüzlerçe adamyň Homs şäheriniň dürli ýerlerinden gaçyp çykandygyny habar berdi. Gozgalaňçylaryň iň güýçli ýeri hasaplanýan bu şäher ençeme wagt bäri hökümet güýçleri tarapyndan bombalanyp gelýär.

Bu aralykda Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçileri gaharly märeke bilen ýüzbe-ýüz bolanlaryndan soň Al-Haffa şäherinden sişenbe güni yzlaryna dolandylar. Gözegçiler şäheri terk edip gelýärkäler olaryň üç ulagyna ot açyldy. Ýöne ýaralanan ýok. Hökümet güýçleri Al-Haffada gozgalaňçylaryň bolýan ýerlerini bir hepdeden gowrak wagt bäri bombalaýarlar. Al-Haffa prezident Başar al-Asadyň maşgalasynyň öňüp-ösen şäheri Kardahanyň golaýynda ýerleşýär.

BMG-niň parahatçylygy goramak baradaky güýçleriniň başlygy Herwe Ladsous Siriýa indi doly graždanlyk urşunda diýip, ýagdaýa berilýän baha bilen ylalaşýar. Bu barada hökümet güýçleriniň Assadyň režimine garşy söweşýän gozgalaňçylara galdyrylan regionlary yzyna almaga synanyşýandygy baradaky habaryna salgylanylýar.

Orsýetiň ýaraglary

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Moskwa hüjüm üçin Siriýa dikuçarlary berer diýip, Waşingtonyň alada edýändini aýtdy: "Hüjüm dikuçarlary Orsýetden Siriýa tarap ýolda diýilýän soňky maglumat bizi aladalandyrýar. Bu konflikti ep-esli güýçlendirer".

Klinton Orsýetiň Siriýa iberilýän ýaraglar konflikt bilen baglanyşykly däl diýip getirýän delilini hem ret etdi: "Biz orslara Siriýa ýarag ibermegi duruzmalydygyny aýtdyk. Ýöne olar bize alada etmeli däldigimizi, bu zatlaryň içerki işler bilen baglanyşykly däldigini gaýtaladylar. Bu göz-görtele nädogry zat".

Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg Pakistana eden saparynda Siriýadaky ýagdaýy 1990-njy ýyllardaky Balkan konfliktlerine meňzetdi.

"Bu Bosniýanyň 1990-njy ýyllaryň başlarynda başdan geçiren ýagdaýyny ýatladýar. Şol sebäpden biz bu barada oýlananymyzda öten ýyl Liwiýada bolan ýagdaýy ölçeg edinmeli däl” diýip, Heýg aýtdy. “Biziň ähli tagallalarymyz Siriýada parahatçylykly geçişi, parahatçylykly çözgüdi goldamaga gönükdirilýär. Sebäbi zorlukly çözgüdiň köp adamyň ölümine sebäp bolup, Siriýa halkyna aşa köp horluk getirjekdigi belli zat".

Heýg günbatar ýurtlarynyň Siriýadaky krizis üçin şindi-de parahatçylykly çözgüt gözleýändigini, daşardan harby interwensiýa barada hiç bir planyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG