Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ylym üçin $10 million sarp eder


Berdimuhamedow ylmyň ösdürilmeginiň halkyň maddy hal ýagdaýyny has hem yokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Berdimuhamedow ylmyň ösdürilmeginiň halkyň maddy hal ýagdaýyny has hem yokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Sişenbe güni, 12-nji iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy barlaglary ösdürmek meselesi boýunça alymlar bilen ýörite maslahat geçirdi we şol günüň özünde täze permanlara gol goýdy.

Permanlaryň birinde Ylymlar Akademiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak üçin bu edara döwletiň hasabyna 10 million dollar möçberinde puluň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene bir permanda ylmy işgärleriň ylmy-döredijilik işlerini höweslendirmek we erkin ylmy döredijiligini kepillendirmek üçin olara aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň we beýleki tölegleriniň daşyndan goşmaça puluň tölenmegi göz öňünde tutulýar.

Berdimuhamedow Ylymlar Akademiýasynda eden çykyşynda ylmyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň tehniki-ykdysady kuwwatyny, halkyň medeni derejesini we maddy hal ýagdaýyny has hem yokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy garaşsyzlyk döwrüniň köp ýyllarynyň dowamynda işlemändi. 1998-njy ýylda dargadylan Ylymlar Akademiýasy resmi taýdan 2007-nji ýylda dikeldildi. Emma döwlet edarasy hökmünde ol öz işine diňe 2009-njy ýylda başlady.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2008-nji ýylda kabul edilen görnüşinde raýatlara ylmy we tehniki döredijilik bilen erkin meşgullanmaga hukuk berilýänligini belledi.

Şeýle-de prezident türkmen döwletiniň “ylmy-tehniki işi we onuň oňyn netijelerini ýaýratmagy höweslendirýändigini” we “ylmy ösdürmäge, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýändigini” aýtdy.

Şu günki gün Türkmenistanda ylmyň osdürilmegine gönükdirilen birnäçe kanun bar. Ylymlar Akademiýasynyň resmi maglumatyna görä, ýurtda ylmy dolandyryş we ylmy barlaglary geçirmek boýunça 40-dan gowrak ylmy edara iş alyp barýar.

Emma Ylymlar Akademiýasynyň resmi internet sahypasynda çap edilen maglumatlar, esasan, Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklaryna, ýurduň tebigy baýlyklaryna we döwlet syýasatynyň üstünliklerine bagyşlanan.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda ylmyň esasy ugurlary, esasy maksatlary we wezipeleri döwlet tarapyndan kesgitlenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG