Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamalarda azyndan 60-dan gowrak adam öldi


Çarşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatda we käbir beýleki raýonlarda amala aşyrylan birnäçe partlamada azyndan 60-dan gowrak adam ölüp, 200-den gowrak adam ýaralandy.

Bu hüjümlerde şaýylaryň dini çäresindäki zyýaratçylar nyşana alnandyr diýlip çaklanylýar. Çarşenbe güni Yrakdaky şaýy musulmanlary Muhammet pygamberiň çowlugy Musa al-Hadymyň ölen gününi belläp geçýärler.

Çarşenb günki partlamalardan azyndan dördüsi Bagdatda, ýene ikisi Hilla şäherinde amala aşyryldy. Ýene azyndan iki partlamanyň ýurduň demirgazygyndaky Balad şäherinde amala aşyrylandygy habar berilýär.

Ýöne bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG