Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Su Çi soňky 24 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Ýewropa ugrady


Çarşenbe güni Mýanmaryň belli oppozisiýa lideri Aung San Su Çi soňky 24 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Ýewropa sapara ugrady.

Özüniň iki hepde dowam etjek bu saparynyň barşynda Aung San Su Çi özüne 1991-nji ýylda gowşurylmaly edilen parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny-da resmi ýagdaýda kabul eder we Osloda ýörite doklad bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Onuň bu sapary soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda Mýanmary dolandyryp gelen harby huntanyň häkimiýetden gitmegi bilen, bu ýurtda dörän syýasy özgerişlikleriň beren oňyn netijesi hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG