Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Ýanukowiç Timoşenkony deputatyň ölüminde aýyplady


Çarşenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç “Bloomberg” habar gullugyna beren interwýusynda ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň Ukrainanyň bir deputatynyň ölümine-de dahylly diýlip hasaplanýandygyny aýtdy.

Ýanukowiç bu interwýusynda: “Timoşenkonyň gatnaşmagynda dürli hili jenaýat işleri amala aşyrylypdyr, şol sanda, deputat Şerbanyň öldürilmegi-de. Munuň üçin belli bir matlaplar bolupdyr” diýip, belledi.

Uly biznese eýelik edýän deputat Ýewgeniý Şerban 1996-njy ýylyň noýabrynda Donesk şäherinde atylyp öldürilipdi. Şonda prokuratura işgärleri onuň ölüminiň energiýa resurslaryna kontrollyk ugrundaky bäsleşikler bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini öňe sürüpdiler.
XS
SM
MD
LG