Sepleriň elýeterliligi

Moskwada bir günde iki türkmenistanly heläk boldy


Orsýetiň habar serişdeleri 11-nji iýunda Moskwada aýry wakalarda iki sany türkmenistanlynyň heläk bolanlygyny habar berdiler.

Orsýetiň “Interfaks” agentligi 11-nji iýunyň agşamy “Bratislawskaýa” metro stansiýasynda 21 ýaşly türkmenistanlynyň, özüni otlynyň aşagyna oklap, heläk bolanlygyny habar berdi.

Başga bir maglumatda şol günüň özünde Moskwanyň derňew izolýatorlarynyň birinde ýene bir türkmenistanlynyň öz janyna kast edenligi habar berildi.

Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa Jezalary ýerine ýetiriji Federal Gullugyň Moskwa boýunça edarasynyň metbugat wekili Sergeý Sigankowdan Moskwanyň derňew izolýatorlarynyň birinde öz janyna kast eden türkmenistanly barada sorady.

Sergeý Sigankow: 11-nji iýunda agşam sagat 19:45-de Moskwa şäheriniň “Matrosskaýa tişina” diýlip atlandyrylýan nomer 1-nji derňew izolýatorynyň kameralarynyň birinde, 1980-nji ýylda doglan Tamrazow öz janyna kast etdi. Ol düşegiň üstüne ýazylýan matadan syrtmak edinip, ony aýnadaky demir gözenege daňyp, özüni asdy.

Azatlyk Radiosy: Onuň ady näme we ol näme sebäpli tussaglykda saklanýardy?

Sergeý Sigankow: Gynansakda-da, häzir men onuň adyny aýdyp biljek däl, familiýasy bolsa Tamrazow. Ol Orsýet Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasynyň ikinji bölegi boýunça, ýagny ogurlyk sebäpli jenaýat işine çekilipdi.

Azatlyk Radiosy: Ony halas edip bolmadymy?

Sergeý Sigankow: Edaranyň işgärleri ony halas etmek üçin reanimasion çäreleri geçirdiler, emma, gynansak-da, bu oňyn netije bermedi. Tiz medisina kömegi-de çagyryldy. Üstesine, ol ýere okrugyň Içeri işler uprawleniýesiniň derňew-operatiw topary hem bardy. Häzirki wagtda edaranyň işgärleri bu waka boýunça barlag geçirýärler.

Azatlyk Radiosy: Tamrazow bilen bir kamerada ýene kim saklanýardy?

Sergeý Tsigankow: Ol öz janyna kast eden wagty kamerada ýekedi.

Azatlyk Radiosy: Tamrazowyň türkmenistanlydygy habar berildi, ol Türkmenistanyň raýatymydy?

Sergeý Tsigankow: Ol Türkmenistanda doglan, ýöne Orsýetiň raýatydy.

Azatlyk Radiosy: Ol kamerada näçe wagtlap saklanypdy?

Sergeý Tsigankow: Öz janyna kast etmeginden ozal ol kamerada ýene iki adam bilen bile saklanýardy. Emma şol iki adam başga kameralara geçirilipdi we Tamrazow ýeke galypdy.

Azatlyk Radiosy: Tamrazow derňew astynda näçe wagtlap saklandy?

Sergeý Tsigankow: Ol agzalan edara 2-nji iýunda getirilipdi. Onuň näçe wagtlap derňew astynda bolanlygyny aýdyp biljek däl. Ol “Matrosskaýa tişina” derňew izolýatoryna Moskwanyň Günorta okrugynyň Içeri işler uprawleniýesiniň wagtlaýyn saklanýan izolýatoryndan getirilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG